-GURBANNAZAR EZIZOWY HATYRALAP- 1940-njy ýylyň baharynyň ilkinji güni, ýagny, 1-nji mart güni dünýä inen Gurbannazar Ezizowyň ömür tanapy şeýle ir kesilmedik bolanlygynda, ol 76ýaşyny doldurmalydy. Ýatan ýeri ýagty, mekany jennetden bolsun! Gurbannazar şahyr aradan çykandan soň, şahyryň bile tirkeşen, bile duz-emek boluşan dostlary, galamdaşlary tarapyndan oňa bagyşlanyp ençeme goşgular, ýatlamalar ýazylypdyr.Şol ýazgylardan bölekler... MÄMMET SEÝIDOW: Gazan doly süýde gaçan zäk bolup, Birje gün bir ýylyň tagamyn ýoýdy. Adamlaryň gaýa ýaly göwresin Ezilen torgaýa dönderip goýdy... KERIM GURBANNEPESOW: Gitdiň. Agladyk. Şu günem - üçüň. Diýmek, gidenňe Bolupdyr üç gün. Üç gün, üçje gün - Ölüm üçin hiç. Aglarys öýtdük Kyrkyňa deňiç. Aglarys öýtdük Ýylyňa çenli... Aglamak juda Kyn bora çemli. Ýene çaý-nahar, Ýene-de gülki. Onsoň gybatam Ediler, belki. Aýdyşym ýaly - Edildi gybat. Soň şorta söze Berildi nobat... Bir sagat ozal Belläpdik üçüň. Parhlyrak bolgun, Günämiz geçgin! Geçseň-geçmeseň, Bolşumyz şeýle. ...Gün bolsa eýýäm Bolupdyr öýle. Öz öýlesini Duýanok hiç kim... Gitdiň. Hoşlaşdyk. Agladyk üç gün. Aglarys öýtdük Üç gün däl, on ýyl. (Şoňa mynasyp ýitirlen ogul!) Aglarys öýtdük Uzak, uzak, uzak. Aglamak hakmy? Aglamazlyk hak? Ynsaba bagly Bu garry sowal. Häzir dymylsyn, Jogap hökman däl... HALYL KULYÝEW: Bu dünýäde bolýar erkek doganlar, Ýene bu dünýäde bolýar uýalar. Bir garynda ýatyp, bile doganlar, Biri kemis bolsa, biri uýalar. Ýok, biz ikimiz doganam däldik, Ýöne ikimiziň birdi uýamyz. Biz-bizdik: Men Halyldym. Senem Gurbannazardyň, Bir almany ikä bölen ýalydyk. Birdi namysymyz, Birdi haýamyz. Bir garynda ýatmasamam seň bilen, Men giň dünýäde täk galdym sensiz. "Gurbannazar öldi?!" Bu habar ýalan, Kimdir biri meni aldandyr kemsiz. Adamlar, bir zada düşünmek gerek, Näm üçin bir zady bileňizok siz? Ýürek şeýle diýýär, şeý diýýär ýürek: Nädip ýaşamaly Gurbannazarsyz. Entek başym dikkä ýene ýazaryn, Sen maňa düşýänsiň, Gurbannazarym! NAZAR GULLAÝEW: ...Gyş geler, daglarmyz gara bürener, Ýaz geler, baglarmyz bara bürener, Tomus geler, ülkämiz nura bürener, Ah, ýöne güýz geler Gurbannazarsyz!.. vk.com/bagshylar

Теги других блогов: Türkmenistan Gurbannazar Ezizow şahyr